- aýratyn
- [aýraty:n]1) Üýtgeşik, tapawutly.2) Başga, özge.∙ Aýratyn dillerde geplejek-de biz, Bölünmeýän birdir dilmiz, göwnümiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)3) Has, örän, juda.∙ Garry atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony özi bilen hemişe oba alyp gidýäni üçin, özünden uly doganlary oňa görübilmezçilik edýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)4) Esasan.∙ Men ony aýratyn hem şu gün syzdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)5) Özbaşdak.∙ Magtymgulynyň eserleri birnäçe gezek aýratyn kitap edilip çykaryldy.6) Ýörite.∙ Nyýazbegden aýratyn hatlar hem getirip berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)7) Ýalňyz, ýeke, diňe.∙ Ol öz janyny aýratyn saňa ynanýar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.